Nirede dogulsam, niçik don geysem,
Deñ hasaba alynmajak turkmen men.
Watanyma seyran eylayin diysem,
Paytagtyma salynmajak turkmen men.
Kanun gorajaklar kanuny bozsa
Halky gorajaklar milleti ezse
Şikayat ederçe ganymyz gyzsa
Sözi kabul alynmajak turkmen men.
Elimden alsalar gazananymy
Gadagan etseler bezenenimi
Hasaplap berseler aljak demimi
Hiç hili geñ görülmejek turkmen men
Lukmandan sorasam derdime derman
Elin serdi entek yuzumi gorman
Eden emi yene netije berman
Dogry şypa berilmejek turkmen men
Namysyñ yukalsa galñayar jübiñ
Kezzap akyl berýär bir dana kimin
Binamyslar bolup durmuşa emin
Yagşy yigit öwülmejek turkmen men.
Payhasly adamlar ele pi-il alan,
Bir topar goyuna berilip galam.
Çagalañ gulagyna guyulyp yalan
Indi dowran dolanmajak turkmen men.
Yurdun icki organlary keselli
Bu keselden yagdaylarmyz peseldi
Bejergi tapylmaz etme teselli.
Yaralary saralmajak turkmen men
Все статьи и новости на туркменском языке вы можете найти на туркменской версии нашего сайта.
Душевно
Käbir orfografik,dūrs yazuv yalñyşlary bar.dyngy belgilerem yerlikli ulansady govy bolardy.umuman,goşgy yaman däl.